JEMGYÝET

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligini kabul eder

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu ýyl bu çäräni türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde guramak meýilleşdirilýär.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak, halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. Wise-premýer Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreleriň guraljakdygyny aýdyp, onuň meýilnamasynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu döwürde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle-de wise-premýere medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda görkezmeler berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi