SPORT

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

“Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. “Arkadag” topary ýurdumyzyň “Ýokary ligasyndaky” çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdiler. Arkadag şäheriniň adybir topary final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

2023-nji ýylyň başynda döredilen “Arkadag” toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr üçünji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Ýeri gelende bellesek, geçen iki möwsümde hem Kubok bäsleşiginiň finalynda hut şu iki topar duşuşypdylar.

Geçirilen final duşuşygynyň yzysüresi baýrak Kubok bäsleşigine gatanşyjylar bilen bagly gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle-de, ýurdumyzyň futbol çempionatyny birinji orunda tamamlan “Arkadag” toparynyň gazanan ýeňşi bilen bagly medallar gowşuryldy. Ýeňijilere baýraklary Türkmenistanyňn Futbol federasiýasynyň Başlygy Guwancmuhammet Öwekow, TFF-niň başlygynyň orunbasary Nazar Çöliýew hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekili Juma Jumaýew gowşurdylar.

Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy:

 “Arkadag” – “Ahal” – 2:1

Gollar: 67 (11 m.j.u.), 77 Şamämmet Hydyrow (“Arkadag”) – 24 Ýakupmuhammet Gowşudow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 60 Arzuwguly Sapargulyýew (“Arkadag”) – 40 Magtymberdi Berenow (“Ahal”)

Meýdandan çykarylan: 66 Salim Umarow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Arkadag” stadiony (Arkadag ş.)

Duşuşygyň emini: Berdimämmet Atdyýew (Arkadag ş.)

Kömekçi eminler: Ihlas Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Ýeňiş Nazzyýew (Mary ş.)

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri