SPORT

«Arkadag» Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Şwaý Rieng» kluby bilen duşuşar

Türkmenistanyň «Arkadag» klubynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Şwaý Rieng» topary bilen duşuşar.

Ýaryşyň ikinji ýarym final oýnunda Kambojanyň topary Indoneziýanyň «Madura Ýunaýted» kluby bilen deňme-deň oýnady (3:3), emma öz meýdançasynda 3:0 hasaby bilen ýeňendigi sebäpli, «Şwaý Rieng» kluby finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» topary Çagyryş ligasynyň 1/2 final jogap duşuşygynda öz meýdançasynda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyndan 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.

Final duşuşygy 10-njy maýda «Şwaý Rieng» stadionynda geçiriler, ol Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”