JEMGYÝET

«Arkadag» bilen «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar

«Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasynda geçiriljek taryhy duşuşykda dünýä futbolynyň iň döwrebap gazananlarynyň biri bolan VAR (Video Assistant Referee) ulgamyndan peýdalanylar. Bu arada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

VAR ulgamy ozal hem ýurdumyzda geçirilen iri möçberli, halkara derejeli futbol duşuşyklarynda üstünlikli ulanylyp gelindi. Şu duşuşykda hem bu ulgamyň işe girizilmegi oýnuň ýokary derejede, halkara talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün eder.

Sanly tehnologiýalaryň futbola ornaşdyrylmagy netijesinde döredilen VAR ulgamy oýnuň takyk we adalatly alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ol emine wirtual kömekçi bolup, kabul edilýän kararlaryň anyk we dogry bolmagyny üpjün edýär.

«Arkadag» hem-de «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda VAR ulgamynyň ulanylmagy bu oýnuň şowhunly, dartgynly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigini görkezýär. Janköýerler bolsa tutuş ýurt bolup, öz ildeş toparymyza ruhy goldaw bererler.

«Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda sagat 18:45-de geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa, 18-nji fewralda Er-Riýadda bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi