JEMGYÝET

“Arkadag” – “Al-Nassr” futbol duşuşygy: ýörite awtobus gatnawlary amala aşyrylar

«Arkadag» futbol kluby bilen «Al-Nassr» futbol klubunyň arasynda geçiriljek futbol duşuşyklary mynasybetli degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Taryhy duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda stadionyň töweregindäki Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunda, 10 ýyl Abadançylyk şaýolunda, Ata Türk we Oguz han köçelerinde ulag hereketi sagat 15:00-dan wagtlaýyn çäklendiriler.

Janköýerleriň stadiona bökdençsiz we amatly baryp-gelmegini gazanmak üçin, Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgalardan iki sany wagtlaýyn ýörite awtobus gatnawy ýola goýlar. Goşmaça awtobuslar her 2-3 minutdan gatnap, tomaşaçylaryň stadiona rahat ýagdaýda ýetmegini üpjün eder.

Şeýle-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, stadiona giriş işleri iki esasy ugur boýunça guralar. Hususan-da, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapdan üç sany, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly tarapdan bolsa bir sany ýörite girelge arkaly janköýerleriň goýberilişi amala aşyrylar.

Olimpiýa stadionynda boljak taryhy duşuşygyň dabaraly ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, oýnuň öňüsyrasynda ýurdumyzyň estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly konsert guralar. Konsert maksatnamasynyň sagat 17:00-da başlanjakdygyny nazara alyp, tomaşaçylaryň stadiona öňünden gelmegi, girişden bökdençsiz geçmegi we çärelerden doly lezzet almagy maslahat berilýär.

Guramaçylar bu taryhy sport baýramçylygynyň janköýerlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna ynam bildirip, hemmeleri sport, dostluk we parahatçylyk ruhunda geçjek bu şatlykly pursatlary bilelikde garşy almaga çagyrýarlar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistana gelýär

“Arkadag”-“Al-Nasr” duşuşygyny dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa ediler

«Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygy: 9-njy fewralda metbugat maslahaty geçiriler

Aşgabadyň Olimpiýa stadiony «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna doly taýýar: Janköýerler üçin döredilen şertler

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» bilen «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjanyň Prezidentine hem-de Ermenistanyň Premýer-ministrine GUTLAGY