Aşgabatda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» we «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.
“Arkadag” futbol topary – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi” atly metbugat maslahaty Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirildi.
Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew taryhy duşuşygyň göni ýaýlymy üçin görülýän giň gerimli tehniki taýýarlyklar barada jikme-jik durup geçdi.
Çykyş edýän hünärmen Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy we “Asia Football Group” kompaniýasy bilen ýola goýlan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu oýna dünýäniň 168 ýurdunda tomaşaçylaryň garaşýandygyny habar berdi. “Arkadag” we “Al-Nasr” klublarynyň arasyndaky duşuşygy görkezmek hukugyny 39 sany media-ulgamy satyn aldy. Bu bolsa global derejede ägirt uly tomaşaçylar köpçüliginiň üpjün edilmegine we türkmen sportunyň gazananlarynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine mümkinçilik döreder.
Ýaýlymyň tehniki taýdan amala aşyrylmagy dünýäniň iň ýokary standartlaryna laýyk geler. Stadionyň özünde surata düşüriş işleri 14 sany kameranyň kömegi bilen alnyp barlar, olaryň bökdençsiz işini bolsa 220-den gowrak ökde hünärmen üpjün eder.
Signalynyň bökdençsiz ýaýradylmagy üçin “Türkmen Älemi” we “Eutalsat” emeli hemralaryna gönükdirilen häzirki zaman göçme hemra aragatnaşyk beketleriniň (PTS) ikisi işe giriziler.
Olimpiýa stadionynyň ýörite enjamlaşdyrylan üç sany kabinasynda türkmen we iňlis dillerinde hünärmen derejesinde teswirlemeler guralar. Bu bolsa hem ýerli, hem-de daşary ýurtly janköýerler üçin oýny gyzykly we amatly görnüşde tomaşa etmäge şert döreder.
Aşgabat şäheri uly futbolyň baýramçylygyna bürendi. Şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin “Aşgabat”, “Berkarar” we “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk fan-zonalary (janköýer meýdançalary) taýýarlanyldy.
Bu wakanyň halkara maglumat giňişliginde mahabatlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu taryhy wakanyň hemmeýatlaýyn beýan edilmegi diňe bir ýurduň sport mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen telewideniýesiniň we media-tehnologiýalarynyň üstünlikli ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolar.
