JEMGYÝET

Ärdogan milli Liderimize minnetdarlyk bildirdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Bu söhbetdeşlik barada Prezident Ärdogan özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundan beýanat berdi. Şol beýanatda:” Türkmenistanyň Prezidenti maňa we aýalym Emine hanyma koronawirus ýokanjy bilen keselländigimiz üçin tiz wagtda sagalmak baradaky arzuwlaryny ýetirdi” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem Prezident Ärdogan bu barada: “Gadyrly dostum, Türkmenistanyň Prezidentine ýakymly duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirýärin, ähli türkmen doganlarymyzy hem uly hormat bilen salamlaýaryn” diýip, belläp geçdi.

 

Milli Liderimiz telefon arkaly Ärdoganyň ýagdaýyny sorady

Related posts

Türkmenistan’dan Rusya’ya taziye

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýä sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri