TEHNOLOGIÝA

“Apple Watch” sagady üçin täze kemer döredildi

“Wristcam” kompaniýasy Apple Watch sagatlary üçin ýörite ele dakylýan kemer döretdi. Bu kemeriň beýlekilerde tapawudy, onda Full HD wideo we 4K durulykda düşürip boljak 8 megapikseli kamera ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da kemerde 2 megapikseli selfi kamerasy hem bar. Suratlary we wideolary saklamak üçin onuň içinde 8GB ýad güýji ýerleşdirilen. Bu sagat Bluetooth 4.2, 5.0 we “Wi-Fi” arkaly “iPhone” telefonlaryna birigýär. Kemeriň agramy 23 grama barabar bolup durýar. Kameralar led lampalar bilen üpjün edilen, haçan-da kamera öz işine başlanda onda ol lampalar ýanýar we daşyndan seredeňde kameranyň işläp duranyny görüp bolýar. Surat ýa-da wideo düşürilende beýleki akylly telefonlardan tapawutlygy bildirýär, umuman alanymyzda sagat üçin örän gowy diýip bolar. Ulanyjy sagady bilen surata düşürmek üçin bir uly köp funksiýaly düwmä basmaly bolarlar. Bu täze çykan ilkinji kemerleri, internetde degişli taslamalary ýerleşdirmek we mahabatlandyrmak üçin ulanylýan platformada sargyt eden 10 müň adam alarlar.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar