DÜNÝÄ

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda, beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara, Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjy-şahyrlar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň ömri hem-de döredijiligi baradaky kitap türkolog alym, türki edebiýatynyň bilermeni doktor Soner Saglam tarapyndan taýýarlanylyp neşir edildi. Bu eser türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny türki dünýäsinde beýan etmekde möhüm goşant boldy.
Çärede çykyş edenler, Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň umumy türki ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini hem-de taryhy we medeni kökleri umumy bolan halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy baýramçylyk ruhunda geçip, Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky netijeli medeni hyzmatdaşlygyň ýene bir nyşany boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri