DÜNÝÄ

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilelikde gurnamagynda geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkiýäniň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjy-şahyrlar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Beýik türkmen şahyrynyň we pelsepeçisiniň ömri hem-de döredijiligi baradaky kitap türkolog alym, türki edebiýatynyň bilermeni doktor Soner Saglam tarapyndan taýýarlanylyp neşir edildi. Bu neşir türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny türki dünýäsine tanyşdyrmakda möhüm goşant boldy.

Çärede çykyş edenler Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň umumy türki ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini hem-de taryhy we medeni kökleri umumy bolan halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy baýramçylyk ruhunda geçip, Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň arasyndaky netijeli medeni hyzmatdaşlygyň ýene bir nyşany boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy