SPORT

Angliýanyň futbol çempionatynyň duşuşyklary yza süýşürildi

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy sebäpli Angliýanyň milli çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary yza süýşürildi. Çempionatyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10-njy, 11-nji we 12-nji sentýabrda meýilleşdirilipdi. Bu duşuşyklar başga wagtda geçiriler.

– Liga we klublar onuň Alyjenabyna, biziň ýurdumyza uzak we üýtgewsiz hyzmatyna hormat goýmak isleýär. Uzak wagt ýurda ýolbaşçylyk eden şahsyýet hökmünde Ýelizaweta II köplere ylham boldy we köp adamlara ajaýyp durmuş mirasyny goýup gitdi.

Bu diňe bir millet üçin däl, eýsem, oňa haýran galan millionlarça adam üçin diýseň gynandyryjy döwür. Biz hem şol adamlaryň gynançlaryny paýlaşýarys – diýip, Angliýanyň “Premýer Liga” çempionatynyň ýolbaşçysy Riçard Masters belläp geçdi.

Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykdy we Ol 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda tagta çykypdy we tagtda bolmagynyň 70 ýyllygyny belläpdi.

 

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary