SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Angliýanyň döwlet işgärleri iş ýerine dolanýarlar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli uzak aralykdan işlemek ulgamyny ýöredýän Beýik Britaniýa adaty durmuşa dolanyp barýar. Angliýanyň metbugatyna görä, ýurduň döwlet edaralary işgärlerini iş ýerlerine dolanyp barmagy tabşyrandygy mälim edildi.

“Daily Telegraph” gazetinde çap edilen habarda hökümetiň işgärleriň iş ýerlerine gaýdyp gelmegi buýrandygy aýdylýar. Iňlis hökümetiniň öndürijiligine jogapkär ministr Jeýkob Rees-Moggyň işgärleriň dörtden üçüsiniň henizem öýünde işleýändigi aýan edilenden soň, ähli ministrliklere görkezme berendigi habar berildi.

“Indi Angliýada Covid-19 çäklendirmeleriniň hemmesi aradan aýryldy we Covid-19 bilen ýaşamagy öwrendik. Şonuň üçin işgärlerimiz ofislere gaýdyp, bilelikde işlemegiň artykmaçlyklaryna düşünmeli” – diýlip, ministr Jeýkob Rees-Moggyň beýanatynda bellenilýär.

Bilim ministrliginiň işgärleriniň 25 göteriminiň, Zähmet ministrliginiň işgärleriniň 27 göteriminiň we Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň 31 göteriminiň iş ýerlerine gaýdyp gelýändigi mälim edildi.

 

Bill Geýtsden pandemiýa barada

Related posts

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki geldi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkiýe wizasy : Ähli gerekli resminamalaryň doly sanawy

Ata Watan Eserleri