SPORT

Angliýanyň çempiony – “Mançester Siti”

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary tamamlandy. Angliýanyň “Premýer Liga” futbol çempionaty ahyrky tapgyra çenli örän çekeleşikli dowam etdi. Çempionatyň soňky tapgyrynda çempion belli boldy. Çempionlyk ugrunda “Mançester Siti” bilen “Liwerpul” toparlary bäsleşdi.

38-nji tapgyrda “Mançester Siti” topary “Aston Willa” bilen, “Liwerpul” bolsa “Wulwerhempton” topary bilen duşuşdy. Ähli duşuşyklar şol bir wagtda başlady. “Mançester Siti” topary 2:0 hasabynda utulyp barýandygyna garamazdan, duşuşygyň ikinji ýarymynda geçiren 3 goly bilen 3:2 hasabynda utup, 93 utuk bilen 8-nji gezek Angliýanyň çempiony boldy.

“Liwerpul” topary hem soňky tapgyrda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 92 utuk bilen 2-nji orny eýeledi.

“Mançester Siti” topary 8-nji gezek çempion bolup, mundan ozal 1936/37, 1967/68, 2011/12, 2013/14, 2017/18, 2018/19 we 2020/21 möwsümlerde çempion bolmagy başarypdy.

Häzirlikçe Angliýada “Mançester Siti” topary gazanan çempionlyklary bilen 5-nji orunda barýar. Sanawda birinji orny “Mançester Ýunaýted” (20), “Liwerpul” (19), “Arsenal” (13) hem-de “Ewerton” (9) öňdeligi eýeleýär.

GWARDIOLO 13 MÖWSÜMDE 10 ÇEMPIONLYK GAZANDY

“Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Hosep Gwardiola Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanyp hem bilmese, toparlary çempion etmekde öňdeligi eýeleýär. Ol 13 möwsümde 10 çempionlyk gazandy. Şol çempionlyklary 3-sini “Barselona”, 3-sini “Bawariýa” we 4-sini “Mançester Siti” topary bilen gazandy.

TOPARYŇ FUTBOLÇYLARY ÝYLYŇ FUTBOLÇYSY SAÝLANDY

“Mançester Siti” toparynyň futbolçylary Angliýanyň “Premýer Liga” futbol çempionatynda ýylyň futbolçylary saýlandy. Kewin De Bruýne ýylyň futbolçysy bolan bolsa, Fil Foden ýylyň iň ýaş futbolçysy derejesine eýe boldy.

 

 

 

Russiýanyň çempionaty tamamlandy: “Rubin” birinji liga düşdi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi