DÜNÝÄ

Angela Merkeliň hormatyna oýunjak aýylar ýasaldy

Nemes oýunjak öndüriji kompaniýasy, 16 ýyl Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri bolup işlän Angela Merkeliň hormatyna bir oýunjak aýy ýasady. Merkele meňzeşligi bilen geň galdyrýan, 40 santimetrlik oýunjagyň satuw bahasy 189 ýewro barabardygy mälim edildi. Ýöne oýunjak aýylaryň gymmatlygyna garamazdan, gysga wagtyň içinde doly satylyp gutardy.

Germaniýanyň Bawariýa ştatynyň Koburg şäherinde ýerleşýän “Hermann-Spielwaren” oýunjak kompaniýasy Merkeliň wezipesinden gitjekdigini mälim edenden soň oýunjaklary öndürmäge başlady. Boýy 40 santimetr bolan  bu oýunjakda Merkeliňki ýaly meňzeş saç düzümi bar, dyrnaklary bolsa ‘Merkel rombusy’ diýlip atlandyrylýan rowaýata öwrülen el hereketini edip bilýär.

“Bild” gazetiniň habaryna görä, iň gadymy ovunjak ]ndxrvqn zawodlarynyň biriniň müdiri Martin Hermann “Teddi aýylary häzirki zaman taryhynyň pursatlaryny sungat görnüşi hökmünde görkezmäge synanyşýarlar” -diýip, beýan etdi.

 

“Taliban” hereketi BMG-niň BaÅŸ Assambleýasynda çykyÅŸ etmekçi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi