Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli şu günler ýurdumyzda dürli derejede gyzykly çäreler geçirilýär. Bu ugurdaky çäreleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň “Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitaby çapdan çykyp, Änew şäheriniň derejesini has-da belende galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitaby Änewiň baý taryhyny öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Şoňa görä-de, ildeşlerimiziň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserine salgylanyp, gadymy Änewiň şöhratly ýoly, şeýle-de şu güni dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewdäki Seýit Jemaleddin ýadygärligi, gadymy galalar we beýleki taryhy ýerler bu topragyň şan-şöhratyndan habar berýär.
Müňýyllyklaryň durmuş hakykatyny özünde jemleýän bu kitap akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Onda türkmen halkynyň şöhratly taryhy barada getirilýän maglumatlar, deliller, rowaýatlar öz inçeligi, anyklygy, gadymylygy, şonuň bilen birlikde-de gaýta-gaýta okaýandygyňa garamazdan, solmaýan terligi bilen okyjynyň ünsüni özüne çekýär.
Kitapda döwlet Baştutanymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň dünýä belli taryhçylar, alym-arheologlar bilen geçiren duşuşyklary, ýurdumyzyň dürli künjeklerine amala aşyran iş saparlary bilen baglanyşykly ýatlamalarynyň, şeýle-de ýazan taryhy kitaplarynyň şu eseri döretmeklige ruhlandyrandygy barada getiren maglumatlary bizde uly täsir galdyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Gadymy ynanç-ygtykatlara görä, bugdaý önýän toprak keramat hasaplanylýar. Kitapda bu barada getirilýän taryhy maglumatlardan bugdaý ösdürip ýetişdiren we desterhanlaryň doly bolmagyny üpjün eden merdana halkymyzyň umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşandygyna akyl ýetirýärsiň.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, iňňän baý taryhyň mirasdüşeri bolan Änew şäheriniň geçmiş taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň bitiren işleri uludyr. Ol işler Änew medeniýetiniň dünýäde ykrar edilmeginde wajyp ähmiýetli boldy. Täze eser bolsa dünýä ykrarnamasyna eýe bolan gadymy Änew medeniýetiniň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gidýär. Mazmun taýdan örän sazlaşykly ýagdaýda biri-biriniň üstüni ýetirýän baplardan hem-de bölümlerden ybarat bolan kitap türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp orny bilen içgin tanyşdyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň geçmiş taryhymyza, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, asylly durmuş ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Täze eseriň öz okyjylaryna şeýle buýsanjy peşgeş bermegi ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişiniň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, ýol-ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamyň nesilleri üçin ruhlandyryjy güýç bolup durýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda munuň özi eziz Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän taryhy tutumlaryň rowaçlanmagynda egsilmez ylham çeşmesidir.
Biz türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýeti hakda söz açýan bu gymmatly eseriň geljekki müňýyllyklarda hem söýlüp okaljakdygyna berk ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.
Muhabbet Döwletowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.