MEDENIÝET

“Amazon” kompaniýasy “Metro Goldwyn Mayer” kinokompaniýasyny satyn aldy

Dünýä belli “Amazon” kompaniýasy “Metro Goldwyn Mayer” kinokompaniýasyny satyn aldy.

Bu geleşik soňky 5 ýylyň iň uly geleşigi bolup, “Amazon” kompaniýasyna “Netflix” we “Disney+” ýaly ýaýlym hyzmatyny berýän şereketler bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär.

“Amazon” kompaniýasy “Metro Goldwyn Mayer” kinokompaniýasyny 8,5 milliard dolara satyn aldy. Jeff Bezos tarapyndan esaslandyrylan kompaniýanyň beren beýanatynda, kompaniýa sanly ýaýlym platformalaryna maýa goýumlaryny dowam etdirýär.

Berlen maglumatlara görä, “MGM” kinokompaniýasynyň işgärleriniň hemmesi we studiýanyň ýolbaşçylary bilen işleşmäge taýýardyklary we işgärleriň işden çykarylmagynyň göz öňünde tutulmaýandygy mälim edildi.

“Amazon” kompaniýasy özüniň “Prime Video” platformasynda “Metro Goldwyn Mayer” kinokompaniýasynyň 4 müňden gowrak filmini, şeýle hem 17 müňden gowrak şüweleňli gepleşiklerini ýaýlyma bermäge mümkinçilik alýar.

Harytlary we hyzmatlary internet arkaly satýan dünýäniň iň uly onlaýn söwda kompaniýasy bolan “Amazon” kompaniýasy Jeff Bezos tarapyndan 1994-nji ýylda ABŞ-da esaslandyryldy.

“MGM” kinokompaniýasy üç kinostudiýanyň birleşmegi netijesinde 1924-nji ýylda esaslandyryldy.

 

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy