JEMGYÝET

“Altyn Asyr” bassyr bäşinji çempionlygyny gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň jemleýji – 28-nji tapgyrynda “Merwden” 2:1 hasabynda üstün çykan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bassyr bäşinji gezek çempionlyk derejesini gazandy.

Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň şu ýyl AFK-nyň Kubogynyň finalyna çykandyklaryny hem aýratyn bellemek gerek. “Altyn Asyra” çempionlyk utuklary Wahyt Orazsähedow bilen Begmyrat Baýow getirdiler.

Bu tapgyryň netijesine garamazdan, ikinji ornuny saklap galan “Ahaly” 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Marynyň “Energetigi” taryhynda ikinji gezek bürünç medala mynasyp boldy. “Energetigiň” 21-nji noýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Kubok bäsleşigiň finalynda “Köpetdag” bilen  duşuşýandygyny ýatladýarys. Geçen ýylyň bürünç medalynyň eýesi Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” bu gezek dördünji orun bilen oňmaly boldy. Çempionatyň dowamynda netijeli urgularyň 19-syny geçiren Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”) iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeledi.

XXVIII tapgyrdan soň tablisa:

T/b

Toparlar

O

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

28

66

2.

“AHAL” FK

28

60

3.

“ENERGETIK” FK

28

42

4.

“ŞAGADAM” FK

28

41

5.

“MERW” FK

28

29

6.

“KÖPETDAG” FK

28

29

7.

“AŞGABAT” FK

28

27

8.

“NEBITÇI”  FK

28

20

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi