BIZNES

«Altınyıldız» Aşgabatda dükan açdy

Türkiýäniň meşhur «Altınyıldız Classics» brendiniň döwrebap erkek lybaslary indi Aşgabatda-da elýeterli. «Anadolu» habarlar agentligi kompaniýanyň Türkmenistandaky ilkinji dükanyny açandygyny habar berdi.

Täze dükan Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş toplumynda işläp başlady. 120 inedördül metr meýdany tutýan dükanda meşhur brendiň köp görnüşli önümleri bar.

Häzir kompaniýanyň dünýä döwletlerinde 21 dükany bar. Halkara söwda we satyş bölüminiň müdiri Osman Çawuşogly ýakyn geljekde Demirgazyk Afrikadan Ýewropa, ondan hem Aziýa çenli giň ýaýrawdaky dükanlaryň sanynyň 35-e çenli çykaryljakdygyny aýdýar.

Öňümizdäki iki ýylyň dowamynda «Altınyıldız Classics» Türkmenistanda ýene-de üç dükan açmagy meýilleşdirýär.

 

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler