JEMGYÝET

ALSA tarapyndan guramaçylykly geçirilen çäre: LL.M. karýerleri we J.D. geçiş paneli uly gyzyklanma döretdi

Advanced Legal Studies Association (ALSA) tarapyndan Kaliforniýa Uniwersitetiniň Dawis Hukuk fakultetinde geçirilen  “LL.M. Unlocked! Karýerler we J.D. Geçişi” çäresi uly gyzyklanma bilen garşylanyldy. Çäre 19-njy noýabr sişenbe güni, Room 1002-de geçirildi we LL.M. talyplaryna uçurymlardan soň karýera mümkinçilikleri we J.D. programma geçiş prosesi barada öwrenmek üçin özboluşly mümkinçilik döretdi.

Çäre, Dean Professor Greenwood we Professor John Morrin tarapyndan edilen açylyş çykyşlary bilen başlandy. Olar hukuk ugrundaky dürlülik, LL.M. derejesiniň artykmaçlyklary we J.D. programma geçişiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Panelde LL.M. maksatnamasyny tamamlap, öz karýera ýolunda uly üstünlik gazanan abraýly çykyşçylar öz tejribelerini paýlaşdylar:

  • Professor Patricia Wenck Riberio: Angius & Terry LLP-de Associate Attorney hökmünde işleýän Professor Patricia, LL.M. maksatnamasyndan hukuk firmasynda işlemek boýunça tejribelerini paýlaşdy.
  • Katharine Wang: BSA Lead Analyst hökmünde akademiýadan professional işlere geçiş barada gymmatly maslahatlar berdi.
  • Khayotbek Ergashkhonov: Dreams Logistics-de şertnama hukugy boýunça işläp, ABŞ-da öz işini döretmek baradaky tejribelerini paýlaşdy.
  • Dolph Li: LL.M. maksatnamasynda okap J.D. programma geçiş tejribesini we California Bar synagyny üstünlikli geçmek baradaky maslahatlaryny paýlaşdy.
  • Shivanjali Shukla: California Franchise Tax Board-da Graduate Legal Assistant bolup işleýän Shivanjali, döwlet pudagynda karýera gurmak tejribesini gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar, LL.M. maksatnamasyndan soňky karýera mümkinçilikleri, networking strategiýalary we J.D. programma geçiş boýunça çykyşçylara göni sorag bermek mümkinçiligine eýe boldular. Şeýle-de, gatnaşyjylara günortanlyk nahary hödürlenip, çäre uly minnetdarlyk bilen tamamlandy.

Çäre, Prezident Dr. Döwran Orazgylyjow we onuň köptaraply we yhlasly topary tarapyndan guramaçylyk edildi. Çärä ALSA-nyň Baş sekretary Elay Soltanahmadi ussatlyk bilen ýolbaşçylyk etdi. ALSA topary şeýle-de, Wise-prezident Rutlin OçenkaMedeniýet koordinatory Saha PirzadehTor koordinatory Noura AlObaidMetbugat koordinatory Nezaket AgirmanÇäreler koordinatory Sedat AýdynJemgyýetçilik aragatnaşyklar koordinatory Lidia Irias we Talyplar koordinatory Chloe Xiang ýaly abraýly agzalary öz içine alýar. Olar bu çäräniň üstünlikli we manyly geçirilmegini üpjün etdiler.

ALSA, şeýle gyzykly we ylham beriji çäreler bilen talyp jemgyýetini goldamagyny dowam etdirjekdigini nygtady. Geljekki çäreler we bildirişler üçin ALSA-yň Instagram sahypasyny yzarlaň: @ucdalsa.

Ýene-de okaň

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation”kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi