Güneşli diýarymyzda miweli agaçlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle miweli agaçlaryň biri hem alma agajydyr.Alma miwesi özüniň düzüminde ýokary derejede demir saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Alma miwesinden taýýarlanylýan bal bolsa örän peýdaly we köpleriň ýokary isleg bildirýän tagamlarynyň biri bolup durýar.
Alma balyny taýýarlamak üçin 1 kilogram alma, 1 kilogram şeker we 250 ml suw gerekdir.
Ilki bilen almalaryň daşyny artmaly we gowy edip ýuwmaly. Arassalanan miweleri 4-6 bölege bölüşdirip, gazana atylýar hem-de şeker we bellenen möçberde suw guýulýar. Soňra bolsa gazandaky almalar gowy ýumşaýança gaýnadylýar.
Bişen alma balyny otag temperaturasynda ýörite niýetlenen gaplara ýerleşdirilýär. Sowandan soň bolsa ony sowuk ýerde ýa-da sowadyjyda saklanylýar.
Alma baly çagalar we uly ýaşly adamlar tarapyndan ýokary isleg bildirilip iýilýär. Ol dürli görnüşli konditer önümlerine hem goşulýar.
Alma balynda minerallaryň dürli görnüşleri bardyr. 100 gram önümiň iýmitlik gymmaty 47 kkal-dyr. Şeýle-de onda 0,4 gram beloklar we ýaglar, 9,8 gram uglewodlar, 86,3 gram suw, 0,5 gram kül, 1,8 gram süýüm hem-de 0,8 gram organiki kislotalar bardyr.
Alma balynda witaminleriň dürli görnüşleri (A, B1, B2, B4, B5, B6, B9, C, E, H, K, PP we beta-karotin), makro we mikro elementler, uglewodlar (krahmal, glýukoza we fruktoza), zerur aminokislotalar hem-de doýgun ýag kislotalary bardyr.
Bu baldaky witaminler garmonlaryň we fermentleriň emele gelmegi üçin zerurdyr. Makro elementler bolsa bedende bolup geçýän täsirleşmeleriň kadaly ýagdaýyny üpjün edýär. Alma balyndaky uglewodlaryň wezipesi adamyň tutuş ýaşaýşynyň dowamynda energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär. Zerur bolan aminokislotalar bedeniň kadaly işlemegine we doýgun ýag kislotalary deriniň hem-de saçyň sagdynlygyna peýdaly täsir edýär.
Mämmedowa Aýlar
TOHU-nyň talyby