SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Allergiýanyň öňüni nädip almaly?

Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde makala çap edilipdir.

Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden soň 15 minudyň dowamynda onuň alamatlary bildirip ugraýar. Eger-de allergiýany başdan geçirýän adamlar özlerinde şeýle üýtgeşmeleriň bardygyny bilseler, haýal etmän, gaýragoýulmasyz ýagdaýda lukmana ýüz tutup, hökmany ýagdaýda bejergi almalydyrlar. Şeýle adamlar daşary çykanda, baglara gezelenç edende, dürli serişdeleriň ysyny ysganda, seresaplylygy elden bermeli däldirler. Maşgala lukmanlary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde belli bir zada allergiýasy bar bolan adamlary hasaba alyp, olaryň saglygyna aýratyn gözegçilik edýärler.

Allergiýanyň ýeňil ýagdaýda ýüze çykmasynda lukman bilen maslahatlaşyp, onuň ýazyp beren melhemlerini dermanlaryny, damjajyklaryny kabul etmeli. Ýöne anyk sebäbi belli bolmadyk ýagdaýda näsag degişli barlaglardan geçirilip, keseliň sebäbi anyklanmalydyr.

Mälim bolşy ýaly, saglygymyzy goramak köp babatda özümize baglydyr. Bu allergiýanyňöňüni almakda-da şeýledir. Eger-de belli bir zada allergiýaňyz bar bolsa, özüňizde onuňa lamatlaryny duýsaňyz, köpräk suwuklyk, çaý we gatyk içmeli. Derman serişdelerini özbaşdak ulanman, hökmany suratda maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Kadalar dogry berjaý edilende, saglygyňyz has-da berkär hem-de allergiýa ýagdaýlaryndan özüňizi howpsuz gorap bilersiňiz.

 

Gazagystanyň Prezidentiniň döwlet saparyna

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!