PEÝDALY MASLAHAT

Allergiýa näme we nädip öňüni almaly

Allergiýa näme? Eýsem-de allergiýa hadysasy biziň birnäçämizde duş gelýän bolsa gerek. Biz hem allergiýa bilen bagly käbir maglumatlary gündelik metbugatda neşir edilýän lukmanlaryň maslahatlaryny öz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Allergiýa bedeniň immuno ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp biler. Onuň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çekýär.

Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozanlar, dermanlyk serişdeleri, himiki serişdeler, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp biler. Allergiýanyň ýüze çykmagyna getirýän bölejikler allergenler diýlip atlandyrylýar. Kä ýagdaýlarda allergiki ahwalatlar şeýle bir gowşak ýüze çykýar welin, adam asla allergiýadan ejir çekýändiginden bihabar galýar. Allergiýadan ejir çekýän adamlarda anafilaktiki şok ýagdaýy, ýagny bedeniň allergene bolan adatdan daşary ýiti garşylygy, agyr patologiki ýagdaýa getirip biler.

Burundan suwuklyk akmasy, göz ýaşarmasy, sowuklama we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň ilkinji alamatlary bolup biler. Şeýle-de, bedende uly bolmadyk örgün emele gelip ugraýar. Eger-de özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda şuňa meňzeş alamatlar ýüze çykan bolsa, dessine lukmana ýüz tutmak gerek. Anafilaktiki şok ýagdaýynda allergiýa bütin bedene täsir edýär.

Anafilaktiki şok allergen kabul edilenden soň, 15 minutyň dowamynda ýüze çykyp biler. Şonuň üçinem gaýragoýulmasyz çäreleri görmek hökmandyr.

Allergiýany döredip biljek dürli zatlardan gaça duruň. Dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz hem-de işdeş ýoldaşlaryňyz siziň allergiýaňyzdan habarly bolmalydyrlar. Size gözegçilik edýän lukmanlara (şol sanda diş lukmanlary, kosmetologlar we başgalar) allergiýaňyz hakynda hökman aýtmalysyňyz.

Allergiýanyň ýeňil ýüze çykmasynda, oňa garşy ulanylýan ýörite damjalardan hem-de spreýlerden peýdalanyň. Eger-de allergiýa dermanlyk serişdesiniň netijesinde ýüze çykan bolsa, haýal etmän derman serişdesini kabul etmegi bes etmeli hem-de lukmana ýüz tutmaly. Allergenleri hüşgärlik hem bedeniň berkligi bilen ýeňip bolar. Dürli hili ýüze çykýan allergiýa garşy degişli melhemleri ulanmak hem-de sanjymlary öz wagtynda almak, jan saglygynyň goralyp saklanmagynyň esasy şertidir. Mähriban adamlar, saglyk hemişe hemraňyz bolsun!

Çeşme: «Edebiýat we sungat» gazeti,

05.06.2020ý.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik