Häzirki wagtda hem köp sanly kino muşdaklarynyň söýüp tomaşa edýän “Ali baba we kyrk garakçylar” atly çeper filmiň ikinji bölegini surata düşürmek meýilleşdirilýär. Bu barada Özbegistanyň neşirleri habar berýär.
Özbegistanyň Medeniýet miistrliginiň garamagyndaky Kinematografiýa agentliginde “Özbekfilm” edarasynyň wekilleri bilen meşhur rus režissýory Janik Faýziýew hem-de hinsi režissýory we ssenariýaçysy Umeş Mehra bilen wideokonferensiýa ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşykda “Ali baba we kyrk garakçylar” atly çeper filmiň häzirki zaman şertlerine laýyklykda, özbek-rus-hindi hyzmatdaşlygynda surata düşürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar aktýorlaryň düzümi we filmiň deslapky býujeti barada pikir alyşdylar.
Bu filmi surata düşürmek üçin saýlanyp alnan hyzmatdaşlar tötänleýin däldir. Janik Faýziýew – “Türk gambiti”, “Gallaktika derwezeçisi” ýaly köp snaly çeper filmleriň režissýorydyr. Şeýle hem ol 1979-njy ýylda surata düşürilen “Ali baba we kyrk garakçylar” atly çeper filmiň režissýory Latif Faýziýewiň ýegenidir.
Hindi režissýory Umeş Mehra hem 1979-njy ýylda surata düşürilen “Ali baba we kyrk garakçylar” atly çeper filmiň režissýorlarynyň biridir.
Duşuşykda täze surata düşüriljek filmiň odun çapyjy Ali babanyň garakçylaryň gowagynda baýlyk tapmagyny şöhlelendirýän rowaýatynyň dowamy bolmalydygy barada teklipler beýan edildi.
Şu ýylyň iýulynda taraplar ýüzbe-ýüz duşuşyp, bu ugurda anyk ädimler ätmegi meýilleşdirýärler.
