JEMGYÝET

Alekseý Miller: Türkmenistan bilen uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňelderis

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan Russiýanyň “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda türkmen gazyny hereket edýän şertnama boýunça satyn almak hem-de bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşandyklaryny belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

– Hormatly Prezident bilen duşuşygymyz dostlukly ýagdaýda geçdi. Biz gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Hyzmatdaşlygyň jemlerini jemledik hem-de bu ugurda biziň bilelikdäki işlerimiziň dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk, özara bähbit esasynda guralandygyny belledik.

Türkmen kärdeşlerimiz bilen doly özara düşünişmegimiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine düýpli goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Şu gün biz türkmen gazyny hereket edýän şertnama boýunça satyn almak hem-de bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdyk.

Gelejekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesinden has ýokary derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn. “Gazprom” kompaniýasy hemişe öz borçlaryny bellenilen möhletlerde ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Şunuň bilen baglylykda, biziň häzirki wagtda öz üstümize alýan täze borçnamalarymyzyň ählisi hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň çäklerinde ýokary hilli hem-de anyk öz möhletinde berjaý ediler – diýip, Miller habarçylara beren beýanatynda belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri