JEMGYÝET

“Al-Nassr” toparynyň tälimçisi: “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesi ýokary

Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.

“Al-Nassr” toparynyň ýolbaşçylary we türgenleri Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertler, Olimpiýa stadionynyň amatlyklary bilen tanyşdylar.

Bu ýerde guralan metbugat maslahaty “Al-Nassr” toparynyň tälimçisi Horhe Jesusyň we oýunçysynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ilki myhmanlaryň Türkmenistan we onuň paýtagty baradaky pikirlerini diňlediler. Şeýle hem bu gezekki bäsleşigiň nähili geçjekdigi baradaky çaklamalar bilen gyzyklanyldy.

Myhman toparyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny, olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar. “Al-Nassryň” wekilleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurduň paýtagtynda bolup, dünýäde meşhurlyk gazanan topar bilen bäsleşmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýandyklaryny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys

«Al-Nasr» topary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistana gelýär

“Arkadag” – “Al-Nassr” futbol duşuşygy: ýörite awtobus gatnawlary amala aşyrylar