SIZDEN GELENLER

“Akylly” telefon bazarynyň girdejisi ýokarlandy

Halkara kompaniýalaryň geçiren seljermelerine görä, smartfon bazary 2021-nji ýylda 448 milliard dollar girdeji gazandy. Şol girdejiniň ýarysy diýen ýaly “Apple” kompaniýasynyň paýyna düşdi.

2021-nji ýylda smartfon bazary 4 göterim ösdi we geçen ýyl jemi 1,39 milliard smartfon satyldy. “Akylly” telefon bazaryndaky satuwda Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýays öňdeligi eýelese-de, ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasy girdejide öňdeligi eýeleýär. ABŞ-nyň kompaniýasy geçen ýyl 196 milliard dollar girdeji gazanyp, bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy. “Samsung” kompaniýasy bolsa, 72 milliard dollar girdeji gazandy.

Bazarda 5G telefon satuwy 40 göterime ýetýän bolsa, smartfonyň ortaça bahasy 322 dollar derejesinde.

Kanunmyrat Hallyyew, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetinin talyby.

 

 

Türkmenistan-ABŞ: syýasy geňeşmeler geçirilýär

Ýene-de okaň

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji