Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyl ýetirerden beýik düşünje

Magtymguly Pyragy hakynda oýlanyp…

Halk arasynda «Zehinli adam, ylahy zehin, Hakdan içen» diýilýän düşünjeler bar. Aslynda zehin beýik Biribaryň öz hormatlaýan ynsanlaryna eçilýän serpaýydyr. Zehini okap öwrenip, işläp gazanyp bolmaýar. Ony diňe erjellik, irginsizlik, yhlas bilen kämmilleşdirip bolýar. Emma, Magtymguly hakynda pikir ýöredilende welin, akyldar atamyzyň zehin diýilýän serpaýdan hem has ýokardaky, has belent derejä eýe bolandygyna düşünmek bolýar. Magtymguly Pyragynyň Hakdan içen zehini, dana paýhasy, adaty adamlara äşgär bolmadyk syrly setirleri bolsa her bir ynsany başga bir, has keramatly dünýä seýle çykaryp, onuň bilesigelijilik ukybyny güýçlendirýär.

Aslynda Magtymguly atamyz diňe bir zehinli ynsan, ýa-da ussat şahyr däldir.  Ol iki dünýäniň syrlaryna akyl ýetiren, beýik Ýaradany söýen, oňa uýan, adamlara Allatagala ýakyn bolmagy wagyz eden, haýyr-sogap  düşünjelerini öňe süren, ynsanyýet kowmuny agzybirlige—jebislige çagyran, çäji harpykdan saýlan, bilbil dilinde saýran şahyr hem-de ylymdar alymdyr. Ol:

—Magtymguly, serden gitmez dumanym,

Men Haka aşygam ýokdur gümanym –  diýmek bilen beýik Ýaradana bolan synmaz söýgüsini beýan etse: Magtymguly diýrler meniň adyma,

Bir ah ursam älem ýanar oduma – diýip, Allatagala bolan yşkyndan ýaňa ýanyp duran otdugyny, bir ah ursa şol oduň äleme çaw berjekdigini aýdypdyr. Ýaradan, ýa Jepbar ýetiş dadyma,

Başym çykmaz, ne gowgaýa sataşdym – diýýän Magtymguly atamyz Hakyň yşkyna düşüp, onuň özünden ýardam soran dana pirdir. Magtymgulynyň Haktagalla bolan söýgüsi köp şygyrlarynda beýanyny tapýar:

Yşk ataşyna düşdüm, perwana boldum imdi,

*

Jismim kebaba döndi, girýana boldum imdi

Ýa-da:

Genç isteýenler gelsin, weýrana boldum imdi

diýmek bilen akyldarymyz «Genç» ýagny—baýlyk-mal-mülkden geçip, Hakyň yşkyna düşendigini, süňňüniň weýrana bolandygyny, Ýaradana bolan söýgiň ähli söýgülerden beýikdigini aýdyp, adamlary Haky söýmäge, onuň gudrat-keremine uýmaga çagyrýar.

Magtymguly atamyz Haka bolan yşkyny beýan etmek bilen Allanyň eradasy bilen ýaradylan bu synagly dünýädäki adaty adamlara görünmeýän köp syrlary açandygyny goşgularynyň üsti bilen aýan edipdir. Muňa mysal hökmünde şahyryň «Turgul diýdiler» atly goşgusyna ýüzlenip göreliň:

Ýel boldum ýügürdim ýeriň damarna,

Nazarym tolkundy Arşyň kemerne,

«Jebrut äleminde Jelil syryna

Gelip özüň garap görgül» diýdiler.

-diýmek bilen Magtymguly düýşünde Hakyň kerem-keramatynyň özüne aýan bolandygyny äşgär edip, synagly panynyň goýnundaky eden işlerimize jogap soraljakdygyny, şonuň üçin adamlaryň bu närselerden habardar bolup, haýyr-yhsan işlere gol bermelidigini ýatladýar.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäni ýaradan Allatagalla ýakynlygy bilen, halkylygy we hakykaty ündeýänligi bilen asyrlar aşdygyça akyllara—nakyllara öwrülip barýar. Akyldaryň şygyrlary ýyl geçdigi saýyn gadyr-gymmatyny artdyrýan hazynadyr. Ol goşgularda milletiň düýni,  şu güni, gelejegi hem beýanyny tapýar. Magtymgulynyň goşgularynyň ýene-de bir aýratynlygy  bolsa ýürege golaýlygy we heňe aňsatlyk bilen gelip, aýdyma öwrülýänligidir.  Hut şonuň üçin hem şahyr: «Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar» diýip jaýdar belläpdir. Magtymguly biziň ýaşap ýören synagly dünýämiziň göze görünýän we görünmeýän keramatlarynyň akyl-paýhas açarydyr.

Dürnabat AŞYROWA, şahyr.

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!