SIZDEN GELENLER

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi. 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyrynyň üçünji oýny geçirildi.

Bu bäsleşik Halkara gatnaşyklary institutynyň çäginde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralyp, oňa ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşýarlar. Bäsleşigiň birinji saýlama tapgyrynyň üçünji oýny “Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly mowzuga bagyşlanylyp geçirildi. “Pähimdarlar geňeşi” diýlip atlandyrylýan eminler toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow hem-de uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrow dagy bäsleşigiň nobatdaky oýnunda gatnaşyjylaryň soraglara beren jogaplaryny bahalandyrdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň birinji saýlama tapgyrynyň üçünji oýnunyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Diana Bespalowa hem-de Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew ýeňiji bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere hem-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň adyndan gymmatbahaly sowgatlar, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyrynyň üçünji oýny ýakyn günlerde “Miras” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberiler.

Maglumat üçin “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji saýlama tagpyrynyň birinji oýny 2021-nji ýylyň 30-nji noýabrynda “Oguz han eýýamy hem-de türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri” atly mowzuk boýunça, ikinji oýny bolsa geçen ýylyň 21-nji dekabrynda “Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy we diplomatik däpleri” atly mowzuk boýunça geçirilipdi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda “Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly mowzuk boýunça geçiriler.

Senemgül ALLAKOWA,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri