JEMGYÝET

Akhanyň taýyna Aşgabat ady dakyldy

Hormatly Prezidentimiz behişdi bedewler bilen didarlaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary ýetirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz özüniň seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga begendi. Hormatly Prezidentimiz bu taýçanagyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi.

Milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýa at dakylanda onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbiniň bardygyny bellemeli. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiz täze dogan taýçanagyň atasynyň Akhandygyny nazara alyp, taýyň atasynyň ilkinji harpyndan ugur alyp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralyga görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Akhan 10 metr aralyga 4,19 sekunt wagt sarp edip, şondan ozalky iň oňat netijäni iki esse gowulandyrdy.

Milli bahar baýramy uly dabaralara beslendi

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar