BIZNES

Birža täzelikleri: 34 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Maltadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit bitumyny, şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Maltadan, Gonkongdan gelen täjirler polietileni hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň täjirlerine daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 49 million 554 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 8 million manatlyga golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Milli bahar baýramy uly dabaralara beslendi

 

Related posts

Müsürde wodorod energetikasy bilen işlejek köp gatly bina gurar

Türkmen işewürleri Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär