BIZNES

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini, şeýle hem Arkadag şäherinde degili inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak babatda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň ýanwarynda başlamak we binany 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly edip tabşyrmak bellenildi.

 

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy