SPORT

AIPS: “Ýylyň türgeni” – Lewandowski

Sport metbugaty boýunça halkara assosiasiýasy (AIPS) ýylyň jemlerini jemledi. Şoňa görä, bu gurama görä 2021-nji ýyl boýunça “Ýylyň iň gowy erkek türgeni” Polşanyň milli ýygyndysynyň hem-de Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem-de “PSŽ” toparynyň futbolçysy Lionel Messi bolsa Demirgazyk we Günorta Amerika boýunça “Ýylyň iň gowy türgeni” hasaplandy.

Şeýle hem Messi ýylyň iň gowy türgeni bolmak ugrunda hem bäsleşdi, ýöne sürüji Maks Ferstappenden soňra 3-nji orny eýeledi.

Malim bolşy ýaly, Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Amerikanyň Kubogyny eýeläp, 7-nji gezek “Altyn top” baýragyny gazandy.

Robert Lewandowski üçin hem 2021-nji ýyl şowly boldy. Ol bir ýylyň dowamynda 69 gol geçirdi. Şeýle hem ol Germaniýanyň milli çempionatynda uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp gelýän Gerd Mülleriň rekordyny täzeledi. Şu wagta çenli Gerd Müller Germaniýanyň çempionatynda bir ýylda iň köp gol geçiren futbolçy bolmagynda galýardy.

Sport metbugaty boýunça halkara assosiasiýasynyň (AIPS) agzalary tarapyndan ýeňijiler mälim edildi. Bu ses berlişige 21 ýurduň wekilleri gatnaşdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyla resmi sapar bilen çagyryldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi