SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ähli koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar

Mart aýynda sanjym şahadatnamasy ulgamyny ýola goýan Daniýada koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen ähli çäklendirmeleriň ýatyryljakdygy mälim edildi.

Ýurduň saglygy goraýyş ministri Magnus Heunikke bu barada beren beýanatynda: “Sanjymlar we Daniýanyň ähli raýatlarynyň eden tagallalary oňyn netijeler berdi” diýip belledi.

Ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary sanjym etmekde oňyn netijeleriň gazanylmagy, keselleýänleriň sanynyň azalmagy bilen ýokanjyň jemgyýet üçin howp bolup durmaýandygy göz öňünde tutulyp, çäklendirmeleriň ýatyrylmagy babatda çözgüt kabul etdi.

Daniýada köpçülikleýin sanjym işi ýaýbaňlandyrylyp, 5,8 million ilatyň 73 göterimine sanjym edildi. Şeýle hem 65 we şondan ýokary ýaşly raýatlaryň sanjym edilmeginiň göterimi 96-a ýetdi. Sanjymyň 3-nji dozasy diňe töwekgeçilikli toparlara edilmegi göz öňünde tutulýar.

Roskilde uniwersitetinden epidemiolog Lone Simonsen sanjymyň kömegi bilen ýurtda wirusyň jemgyýetçilik howp bolup bilmejekdigini aýtdy.

Çäklendirmeleriň ýatyrylmagyndan hoşal bolan güýmenje pudagynyň wekillerinden Ulrik Orum-Petersen sanjym derejesiniň ýokary bolmagy sebäpli bu mümkinçiliklere eýe bolýandyklaryny aýtdy.

Çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bilen Kopengagende 50 müň adamyň gatnaşmagynda uly konsert guralar. Ol Ýewropadaky koronawirus pandemiýasy döwründen bäri ilkinji köp adamly mednei çäre bolar.

 

Messi Peleden ozdurdy

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar