JEMGYÝET

Ahal welaýaty: 7 ýylda 41 bina gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, 2022 — 2028-nji ýyllarda Oba milli maksatnamasy boýunça Ahal welaýatynda 41 sany binanyň we desganyň gurulmagy hem-de durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar.

Şolardan 11-si mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 14-si umumybilim berýän mekdep, 6-sy saglyk öýi we merkezi, 1-si hassahanadyr.

Şeýle hem welaýatda 2204,30 kilometr suw geçirijini, 4 sany suw arassalaýjy desgany, 807,20 kilometr lagym geçirijini, 5 sany lagym arassalaýjy desgany, 1034,0 kilometr awtomobil ýoluny, 358,46 kilometr gaz geçirijini, 1412,40 kilometr elektrik geçirijini gurmak meýilleşdirilýär.

Şu döwürde welaýatda 322,0 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4552 sany telefon belgisi işe giriziler, şeýle hem 914,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler