TEHNOLOGIÝA

Afrikada ýagtylyk arkaly internet paýlanylar

Afrikanyň taryhynda ilkinji gezek ýagtylygyň üsti bilen uzak aralykdan internet baglanyşygy üstünlikli amala aşyryldy. Täze ulgamyň üsti bilen Kongonyň Brazwil we Kongo Demokratik Respublikasynyň Kinşasa şäherleriniň arasynda baglanyşyk alyndy.

«Tara» diýlip atlandyrylýan bu taslama «Google» kompaniýasynyň bir bölümi bolan «Alphabet» kompaniýasynyň «Alphabet X» atly täzelikleri we adatdan daşary taslamalary synag etmek bilen meşgullanýan şahasy tarapyndan amala aşyryldy.

Taslamanyň wekilleri bu iki şäheriň arasyndaky simli internetiň juda haýaldygyny esas getirdiler. Üstesine-de Kongo derýasy simli internet boýunça aragatnaşygy kynlaşdyrýar. Täze usulda simiň gerek däldigi üçin onuň bahasy hem ep-esli arzan bolar.

20 günläp dowam eden synaglarda 700 terabaýtlyk maglumat geçirildi. Bu bolsa ulgamyň ulanmak üçin 99,9 göterim taýýardygyny görkezýär. Taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen 17 million adam ýokary tizlikli internetden peýdalanyp biler.

SpaceX: Inspiration4 Ýere gaýdyp geldi

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler