Tutuş dünýäde adam hukuklarynyň güni her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenip geçilýär. 10-njy dekabry adam hukuklary güni diýip atlandyrmaklarynyň sebäbi, 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynda “Adam hukuklary hakyndaky bütin dünýä jarnamasynyň” kabul we yglan edilmegi bilen baglanşyklydyr. Bu waka Birleşen Milletler guramasynyň taryhynda, ýagny gurmanyň ýaňy dörän wagty tutuş adamzadyň bähbitleri üçin ýeten sepgitleriniň biri diýip aýtsak bolar. Bu aýratyn güni 1950-nji ýyldan bäri BMG-syna ähli agza döwletler tarapyndan baýram edilip gelinýär. Bu baýramçylyk esasan syýasy we adam hukuklaryna degişli bolan duşuşyklary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek arkaly bellenilýär. Ýöne, bu senäniň esasy aýratynlygynyň biri hem BMG-nyň adam hukuklary ugrundaky baýragynyň has takygy “Nobel Parahatçylyk Baýragynyň” bu senede oňa mynasyp bolan şahyslara gowşurmak dabarasynyň bolmagydyr. Şu ýyl hem Nobel Parahatçylyk baýragyna Efiýopiýanyň Primer Ministri Abiý Ahmet Ali mynasyp boldy. Oňa bu baýrak parahatçylygy döretmekde we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda goşan goşantlary, aýratyn hem Efiýopiýa bilen goňşy döwleti bolan Eriteria (Gündogar Afrika döwleti) döwletiniň arasyndaky serhet boýunça jedellerini parahatçylyk ýoly bilen çözmekde başlan başlangyçlary üçin mynasyp görildi. Baýragyň gowşyrylşyk dabarasy Norwegiýanyň Oslo şäherinde geçirildi. Bu aýratyn baýraga mynasyp bolan şahyslaryň atlary bu ýerde sanardan köp, ýöne käbir şahyslary adamzat taryhynda bitiren ägirt uly işleri üçin bu ýerde bellemezden geçsek gelşiksiz bolar diýip pikir edýän hem-de muny bilmek siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek. Olardan:
Kofi Annan, Jimmi Karter, Nelson Mandela, Mihail Garbaçow, Mat Tereza , Malala Ýousafisai, Barak Obama we başga köp dünýä belli şahyslar we halkara guramalary.