IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Açyk bäsleşik: elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ministrlikde we Pensiýa gaznasynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ulgamyň işini awtomatlaşdyrmak üçin zerur bolan tehniki şertleri hem-de tehniki ýumşy taýýarlamak boýunça açyk bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler doly ady, hukuk salgysy, hasaba alnan ýeri, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bellenen nusgadaky ýüztutmalary tabşyrmalydyrlar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-48-49, 39-48-82.

Elektron salgysy: mlsp@online.tm

Related posts

Halkara Bäsleşik:Balkan welaýat häkimligi Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler