IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

 Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Ýolöten etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 9:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

  Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

  Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Ýolöten şäheriniň Nebitçi köçesiniň 5-nji jaýy

 Habarlaşmak üçin: 800560-6-28-01         

Related posts

Bäsleşik:Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi lot­da gör­ke­zi­len ha­ryt­la­ry sa­tyn al­mak bo­ýun­ça

Bäsleşik: döwrebap dynç alyş seýilgähini gurulýar

Ata Watan Eserleri

Jemgyýetçilik kabul edişligi