IŞ ORUNLARY & TENDERLER

TNGIZT-den halkara bäsleşik

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy “Jet A-1” markaly uçar hereketlendirijileri üçin ýangyç öndürmek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Şol bildirişden görnüşi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynda awiasiýa kerosini we TS-1 marka ýangyç öndürmek üçin bar bolan önümçilik gurnamasynyň esasynda “Jet A-1” markaly uçar hereketlendirijileri üçin ýangyç öndürmek göz öňünde tutuldy.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine ýüz tutmak bolar.

Lot üçin 1725 dollar töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaga mümkinçilik berilýär.

Bu bäsleşik boýunça teklipler bäsleşik neşir edilen senesinden soňky 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:  +993243 2-27-62, 96-6-79 (tel/faks: +993243 2-45-44, 2-22-04 arza ugratmak üçin).

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär

«Türkmengaz» poliwinilasetatyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

“Petronas” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri