DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Gyrgyzystanda saparda boldy

Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Gyrgyzystan Respublikasynda saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen duşuşdy. Duşuşyklar Ggyrgyzystanyň syýahatçylyk mekany bolan Çolpon-Ata şäherinde geçirildi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda BMG-niň çäklerindeki hyzmatdaşlyk ugurlary barada pikir alyşdylar, şeýle hem halkara gün tertibininň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Sadyr Žaparow öz ýurdunyň çägindäki dag gerişleriniň biriniň iň beýik depesini, ýagny 5576 metrlik depä “BMG-niň depesi” diýip at berdi.

Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow hem-de BMG-niň Baş sekretary Çolpon-Ata şäherindäki “Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi.

Prezident Sadyr Žaparow hormatyň nyşany hökmünde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe gyrgyz halkynyň milli saz guraly bolan komuz sowgat berdi.

Related posts

Türkmenistan-ÝB: energetika hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy