JEMGYÝET

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

2026-njy ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ilçi Serjio Gor Türkmenistanda resmi saparda bolar. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we sebit howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.  Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Saparyň dowamynda Yörite wekil Gor Türkmenistanyň ýokary derejeli Hökümet wekilleri hem-de işewürler jemgyýetinin wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirer. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giñeltmek, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary iki ýurduň bähbidine hyzmat etjek hem-de sebitde abadançylyga we howpsuzlyga goşant goşjak täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini Türkmenistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga umyt baglayar.

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys