DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bir hepdelik Aziýa sapary

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Waşingtondan Kuala-Lumpura bardy. Bu, amerikan lideriniň bir hepdä golaý dowam etjek Aziýa saparynyň başlangyç nokadydyr. Saparda Trampyň ýanynda döwlet sekretary Marko Rubio, maliýe ministri Skott Bessent we söwda wekili Jeýmison Grir bolar.

Malaýziýada ABŞ-nyň Prezidenti ýurduň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen duşuşdy we 26-njy oktýabrdan 28-nji oktýabra çenli Kuala-Lumpurda geçirilýän Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) sammitine gatnaşar. Sammitde sebit liderlerinden we Trampdan başga-da, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti, Hytaýyň Premýer-ministri Li Sýan, Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Je Men we Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa, şeýle hem Günorta Afrika, Kanada, Awstraliýa we Täze Zelandiýanyň liderlerine garaşylýar.

Sammitde 1999-njy ýyldan bäri ilkinji gezek gurama täze, 11-nji agza – Gündogar Timor kabul ediler. ASEAN agzalary ykdysady integrasiýa meselelerinden başga-da, halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

ASEAN 1967-nji ýylda döredildi. Häzirki sammite çenli oňa Günorta-Gündogar Aziýanyň on ýurdy: Bruneý, Wýetnam, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Singapur, Tailand we Filippinler girýär. Birleşigiň işiniň esasy ugry – ykdysady özara hereketdir. ASEAN Russiýa hem goşmak bilen dünýäniň 11 döwleti bilen dialog hyzmatdaşlygyny ýola goýdy; birleşigiň ABŞ bilen gatnaşyklary umumy strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýedir.

27-nji oktýabrda agşam, ASEAN sammitiniň tamamlanmagyna garaşman, ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýa barar. Bu ýerde ol ýurduň taryhynda Premýer-ministr wezipesindäki ilkinji aýal – Sanae Takaiti bilen gepleşikler geçirip, Imperator Naruhito tarapyndan kabul ediler. Bu, Trampyň 2017-nji ýyldan bäri Ýaponiýa eden dördünji sapary we onuň 2025-nji ýylyň ýanwarynda Ak Tamy gaýdyp geleninden bäri ilkinjisidir. 2019-njy ýylyň iýun aýynda bolup geçen öňki saparynda, ol Naruhitonyň tagta çykanyndan soň duşuşan ilkinji daşary ýurt lideri bolupdy.

29-njy oktýabrda Tramp Günorta Koreýanyň Kençžu şäherine ugrar, ol ýerde 30-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Aziýa-Ýuwaş umman Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň (ATES) liderleriniň 32-nji resmi däl sammiti geçiriler. Ol ýerde ol Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer, sebitiň işewür toparlarynyň wekilleri bilen agşamlyk naharynda esasy nutuk bilen çykyş eder we birleşigiň iş agşamlyk naharyna gatnaşar.

30-njy oktýabrda sammitiň çäklerinde Tramp Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nobatdaky ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görýär

Tramp iň ýokary döwlet ordeni bilen sylaglady

Eýran Täjigistana sebit üçin umumy pul birligini döretmegi teklip etdi

Türkmen wekiliýeti YHG-niň içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy

Ýaponiýa we ABŞ gatnaşyklaryň “täze altyn asyry” barada ylalaşyga gol çekdiler