ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň seýrek nusgasy Nýu-Ýorkda söwda-satuwyna çykaryldy. Ýurduň Konstitusiýasynyň ilkinji çap edilen nusgalarynyň biri Nýu-Ýorkdaky “Sotheby’s” söwda öýünde satyldy.
“Reuters” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, näbelli bir alyjy bu baş kanunyň ilkinji nusgasyny 43,17 million dollara satyn aldy.
Resminamanyň 6 sahypadan ybaratdyr. Ol 1787-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Filadelfiýa gurultaýda kabul edildi.
Bilermenleriň hasaplamalayrna görä, bu resminamanyň 15-20 million dollara satyljakdygy mälim edildi. Ýöne onuň jemýleji bahasy 2 esse köp boldy.
Mälim bolşy ýaly, şol döwürdäki gurultaýda bu resminamanyň 500 nusgasy delegatlara paýlanypdy. Şu wagtda satylan baş kanunyň nusgasy hususy kolleksionerde galan nusgalaryň biridir.
Resminamanyň birinji sahypasynda kiçijik barmak yzlary bar, 255×409 mm ölçegdäki kagyz wagtyň geçmegi bilen birneme garalypdyr.
Bilşiňiz ýaly, “Sotheby’s” söwda öýi dünýäniň iň abraýly auksionlayrnyň biridir. Şu hepdäniň dowamynda ABŞ-nyň Konstitusiýasy bilen bir hatarda ýene-de birnäçe gymmatly sungat eserleri satyldy. Olaryň jemi bahasy 234.2 million dollara deň boldy.