DÜNÝÄ

ABŞ Döwlet Departamenti C5+1-nyň 10 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa Işewürlik Maslahatyny geçirer

Waşington, 4-nji noýabr, 2025 — ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Kennedi merkeziniň hyzmatdaşlygynda C5+1-nyň 10 ýyllygyna bagyşlanan Işewürlik Maslahatyny geçirer. Bu diplomatik platforma 2015-nji ýylda döredilip, ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň bäş döwleti — Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan — arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat edip gelýär.

Maslahata ýokary derejeli döwlet wekilleri we işewürler gatnaşarlar. Olar arasynda:

  • Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow,
  • ABŞ Senatory Stiw Deýns (Steve Daines),
  • Prezidentiň ýörite wekili Riçard Grenell (Richard Grenell),
  • ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ilçisi Sergio Gor (Sergio Gor),
  • we ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi Pol Kapur (Paul Kapur) çykyş ederler.

Şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau (Christopher Landau) işewür ýolbaşçylary bilen geçirilen plenar mejlise ýolbaşçylyk eder.

Bu maslahat — soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belleýän hem-de ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biridir.

Maslahat noýabryň 6-sy, penşenbe güni, sagat 14:00-da Kennedi merkeziniň “The REACH” bölüminde geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri