DÜNÝÄ

ABŞ Daşary işler ministrligi: ähli futbol muşdaklaryny ABŞ-a çagyrýarys! 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Tramp 2026-njy ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan FIFA Dünýä Kubogy bilen bagly çykyşynda şeýle diýdi:

“Bu, Amerikamyzyň gözelligini we beýikligini dünýä görkezmek üçin ömrümizde bir gezek duş geljek mümkinçilik bolar. Dünýäniň ähli künjeklerinden futbol muşdaklaryny garşylamak üçin sabyrsyzlanýarys.”

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi “FIFA World Cup 26™ futbol şüweleňine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelmegi meýilleşdirýän daşary ýurtly syýahatçylara degişli wiza we syýahat talaplaryny mälim etdi.

 Syýahatçylara degişli möhüm görkezmeler:

  • ABŞ-a gelýän ähli myhmanlar, ýurtda  galmagy meýilleşdirýän möhletinden iň az 6 aý çenli güýji bolan pasport bilen girmelidirler.
  • Kanadanyň we Bermudanyň pasport eýeleri, ABŞ-a syýahatçy hökmünde girmegiň öňünden goşmaça rugsat almaga mätäç däldirler.
  • Wiza azatlyk programmasyna (Visa Waiver Program) gatnaşýan 42 ýurduň raýatlary ESTA ulgamynyň üsti bilen elektron syýahat rugsadyny alyp bilerler.
  • Beýleki ähli ýurtlaryň raýatlary, FIFA World Cup 26™ üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelmek üçin B1/B2 görnüşli ABŞ syýahat wizasy almaly bolar.

Daşary işler ministrligi şu habary hem berdi:

“Eger sizde ABŞ wizasy ýok bolsa, häzirki wagtda ýüz tutmagyň wagty geldi! Biz ýurdumyzy we raýatlarymyzy, şeýle hem FIFA Dünýä Kubogyna gatnaşýan ähli toparlary we muşdaklary goramak üçin, iň ýokary milli howpsuzlyk we jemgyýet howpsuzlygy standartlaryna laýyklykda iş alyp barýarys.”

Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin haýsy resminamalaryň zerurdygyny bilmeýän bolsaňyz, onda öz ýurduňyza degişli jikme-jik maglumatlary travel.state.gov sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

FIFA World Cup 26™ — bu diňe futbol däl, dostluk, medeniýet we dünýäniň birleşýän pursady bolar!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy