DÜNÝÄ

ABŞ-da prezident saýlawlary: wagtyndan öň ses bermek başlady

Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän ABŞ-daky prezident saýlawlaryna sanlyja gün galdy. 5-nji noýabrda Donald Tramp bilen Kamala Harris ABŞ-nyň nobatdaky Prezidenti bolmak üçin bäsleşerler.

Iri syýasy-jemgyýetçilik wakasy – prezident saýlawlary üçin öňünden ses bermek işi başlady. Bu babatda ilkinji sesler ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda berildi. Soňky maglumatlara görä, wagtyndan öň ses bermäge 252 müňden gowrak saýlawçy gatnaşdy. Bu 2020-nji ýyldaky saýlaw bilen deňeşdirilende rekord boldy. Ozalky saýlawda bu ştatda wagtyndan öň ses bermäge 136 müň adam gatnaşypdy.

2020-nji ýyldaky saýlawlardan soňra ştatlardaky kanunçylyklaryň üýtgemegi bilen saýlaw uçastoklarynyň sany azaldy, 7 gün 24 sagat açyk bolýan saýlaw uçastoklarynda belli wagtlarda ses bermek işi guralýar.

Ertir ýurduň Demirgazyk Karolina ştatynda wagtyndan öň ses bermek işi geçiriler.

ABŞ-da 60-njy gezek geçirilýän prezident saýlawlary 5-nji noýarbda guralar. Amerikanyň halky ýurduň iki iri syýasy partiýasy Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Kamala Harrisiň hem-de Respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Trampyň dalaşgärliginde geçirilýän saýlawlarda ses bererler.

Jorjiýa – saýlawlardaky esasy 7 ştatyň biridir, bu ştatdaky sesler saýlawlaryň ýagdaýyna öz täsirini ýetirip bilýär.

ABŞ-nyň taryhynda 60-njy gezek prezident saýlawlary geçiriler we ýurduň 47-nji Prezidenti saýlanar. Dalaşgärlerden Donald Tramp ABŞ-nyň 45-nji Prezidentidir. Donald Tramp prezidentlige saýlanan saýlawlarynda ýene-de zenan dalaşgär – Hillari Klinton bilen bäsleşipdi. Bu gezekki bäsdeşi Kamala Harrisdir.

Prezident saýlawlary bilen bir hatarda Senatyň we Wekiller palatasynyň hem saýlawlary geçiriler, käbir ştatlarda gubernator saýlawlary geçiriler.

Täze saýlanan Prezidenti 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipesine girişer.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar