ABŞ-nyň Waşington şäherinde geljek ýylyň tomus aýlaryndan başlap jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz bolar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary pandemiýa döwründe jemgyýetçilik ulaglarynyň işleýän ýaşaýjylar üçin näderejede ähmiýetlidigini ýüze çykarandygyny aýdyp, şeýle netijä gelnendigini mälim etdiler.
Bilermenler bu düzgüniň ýolagçy sanynyň artmagy, ýaşaýjylaryň çykdajylarynyň azalmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň sanynyň we hiliniň artmagy, ýol hereketinde beýleki ulaglaryň azalmagy ýaly netijeleri berjekdigini belleýärler.
1-nji iýuldan başlap, jemgyýetçilik ulagyna münülen wagty tölenýän 2 dollarlyk töleg ýatyrylýar. Şäher merkezindäki esasy 12 ugurdaky awtobus gatnawy 24 sagat hyzmat eder. Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary giç agşama çenli işleýän iş ýerleriniň işgärleri üçin bu düzgüniň ähmiýetlidigini belleýärler.
Jemgyýetçilik ulaglarynyň has çalt we ygtybarly hereketini ýola goýmak üçin ýolagçy awtobuslary üçin aýratyn zolagyň döredilmegi we duralgalaryň gowlandyrylmagy üçin aýratyn býujet bölünip berler.
Ýurduň Missuri ştatyndaky Kanzas-Siti şäherinde 2020-nji ýylyň mart aýynda şeýle düzgün girizilipdi.