TEHNOLOGIÝA

ABŞ-da jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz bolar

ABŞ-nyň Waşington şäherinde geljek ýylyň tomus aýlaryndan başlap jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz bolar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary pandemiýa döwründe jemgyýetçilik ulaglarynyň işleýän ýaşaýjylar üçin näderejede ähmiýetlidigini ýüze çykarandygyny aýdyp, şeýle netijä gelnendigini mälim etdiler.

Bilermenler bu düzgüniň ýolagçy sanynyň artmagy, ýaşaýjylaryň çykdajylarynyň azalmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň sanynyň we hiliniň artmagy, ýol hereketinde beýleki ulaglaryň azalmagy ýaly netijeleri berjekdigini belleýärler.

1-nji iýuldan başlap, jemgyýetçilik ulagyna münülen wagty tölenýän 2 dollarlyk töleg ýatyrylýar.  Şäher merkezindäki esasy 12 ugurdaky awtobus gatnawy 24 sagat hyzmat eder. Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary giç agşama çenli işleýän iş ýerleriniň işgärleri üçin bu düzgüniň ähmiýetlidigini belleýärler.

Jemgyýetçilik ulaglarynyň has çalt we ygtybarly hereketini ýola goýmak üçin ýolagçy awtobuslary üçin aýratyn zolagyň döredilmegi we duralgalaryň gowlandyrylmagy üçin aýratyn býujet bölünip berler.

Ýurduň Missuri ştatyndaky Kanzas-Siti şäherinde 2020-nji ýylyň mart aýynda şeýle düzgün girizilipdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi