DÜNÝÄ

ABŞ-da hökümet täzeden işe başlady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 30-njy ýanwara çenli wagtlaýyn hökümet býujetine gol çekdi. Şunuň bilen ýurduň taryhynda hökümet işiniň 43 gün dowam eden iň uzak togtadylmagy tamamlandygy habar berildi.

Resminama Tramp tarapyndan Ak Tamda resmi dabaranyň dowamynda gol çekildi.

Mundan öň edaralar tarapyndan ýaýradylan görkezmelere görä, býujet bolmadyklygy sebäpli tölegsiz rugsada ugradylan işgärler gaýtadan iş ýerine dolanýarlar.

ABŞ-nyň hökümeti 1-nji oktýabrdan bäri resmi taýdan işlemän gelýärdi, ýüz müňlerçe işgär tölegsiz rugsada iberildi.

Ak Tamyň habar bermegine görä, býujet babatda gazanylan ylalaşyk bilen bagly ýüze çıkan meseleler sebäpli ykdysadyýetiň şu ýylyň dördünji çärýeginde ösüşi iki göterim peseler.

Öňki antirekord hem Trampa degişli: 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda hökümetiň 35 günlük iş togtadylmasy tamamlanypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri