SPORT

Abramowiç türk toparyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Russiýaly milliarder Roman Abramowiçiň Türkiýäniň futbol çempionatynyň wekili “Göztepe” topary bilen gyzyklanýar.

Roman Abramowiç özüniň wekilleri bilen “Göztepe” toparynyň ýolbaşçysy Mehmet Sepil bilen gepleşikler geçirýär. “Göztepe” topary Izmir şäherinde ýerleşýär. Izmir şäheri Türkiýäniň ilaty boýunça iň uly üçünji şäheridir.

Häzirki wagtda “Göztepe” topary Türkiýäniň milli çempionatynda şowsuz çykyş edýär. Çempionatyň sanawynda soňky orunlarda barýar.

 

Innowasion taslamalar üçin gazna döredildi

Related posts

“Liwerpul” – Angliýanyň FA Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Rejepbaý Rejepow dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy